Perhat Arazow Ejem (Gitara) - 2021

Опубликовано: 18 Июль 2026
на канале: Merw Studio
2,576
37

Balkan Welaýatynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Halk Bagşysy, Perhat Arazowyň ýerine ýetirmeginde Gitarada ,,Ejem'' Aýdymy. Hormatly doganlar kanalyma hoş geldiñiz. Size täze aýdymlary, roliklary, toýlary, klipleri gyzgyny bilen paýlaşaryn. Meniñ kanalyma ýazylyñ täzelikleri ilkinji bolup siz görüñ! Siz üçin taýýarladyk mähriban muşdaklarymyz. Hyzmat bizden goldaw sizden❤️ Görüň, Baha beriň, komentaryada da pikirleriňizi ýazmagy unytmaň! Merw Studiosy...
Gördügüňüz üçin minetdar!
İzlediğiniz için teşekkürler!
Thanks for watching!
Спасибо за просмотр!
👍👍👍👍👍👍

EJEM
Myhman bolan törüňe,
Özüň ýaraşýaň Ejem.
Aýtman giden ýoluňa,
Günde garaýan Ejem.

Ýene bolsada balaň,
Küýseýär göwün şadyň.
Ýürek tarlanyp tarlan,
Göresim gelýär Ejem.

Eje, Eje, Ejejan,
Göresim gelýär Ejem.
Aýtman giden ýoluňa,
Günde garaýan Ejem.

Oturan ýerleň oýumda,
Gezen ýerleň ýadymda.
Sygynýan her demimde,
Atam ojagyna Ejem.

Çaý içeli keşteli,
Syr berip, syr eşdeli.
Giňäp köňül köşgümi,
Birdem gelsene Ejem.

Eje, Eje, Ejejan,
Göresim gelýär Ejem.
Giňäp köňül köşgümi,
Birdem gelsene Ejem.

Agtyklaň göwün şadyň,
Daşyňda ýakyn ýadyň.
Gaýtalap eziz adyň,
Göresim gelýä Ejem.

Eje, Eje, Ejejan,
Göresim gelýär Ejem.
Gaýtalap eziz adyň,
Göresim gelýä Ejem.

Eje, Eje, Ejejan,
Göresim gelýär Ejem.
Aýtman giden ýoluňa,
Günde garaýan Ejem.

Ýürek tarlanyp, tarlan,
Gözlem ýoluňda Ejem.