Sazy / Sözi / Aranger / Mix / Master: Begench ORE
“SÖZLERİ”
\EJE MENİ HÜWDİLAY/
30 yaşap göz yetirdim indi birzada
Sada bol diydiler,yöne bolayma sada
Sen sadalykdan diyersin Kiçâde aga
Sonra ejiz görer çykar urar senin depane
Ak bolsan gara diyyaler ,gara bolsanam gara
Yaranyp bolanok ekeni hiç kime garaz
Düşünip ynanar yaly bolmady adamlara
Eje senden başga düşünyanem yok mana
GAYTALAMA
Eje meni hüwdilay
Uka gideyin bir salym
Aglamakdan yaş gamady
Gurady bu tende gursagym
Geçdi gitdi uly kiçini sylayan döwür
Ot bolup girip kül bolup çykylyan döwür
Döwür üytgedi diyyaler üytganok döwür
Üygan adamlar bolanson üytgedi döwür
Düşman gazanmak islesen Yagşylyk et yada kömek
Pul ber yzyna sora bolmaz hiç kim senden erbet
Ker bol kör bol lal bol ony şat etjegine derek
Yaşadanyn yaşarsyn, aylanyp dur çarhy
pelek
GAYTALAMA
Eje meni hüwdilay
Uka gideyin bir salym
Aglamakdan yaş gamady
Gurady bu tende gursagym
Ulaldykça gerdenimde dertlerimde ulaldy
Her yakyn görenim bu yürek yaralandy
Yamanlar heryerde önde yagşylar yzda galdy
Gidesim gelyar taşlap uzaklara bar zady
Yakynlaşmaz hiç kimem degmese peydan
Peydan degenden sonam sen yene bi peyda
Ne salam bar ne de sagbol degsede peydan
Ölen son bilen gadryndan indi ne peyda
GAYTALAMA
Eje meni hüwdilay
Uka gideyin bir salym
Aglamakdan yaş gamady
Gurady bu tende gursagym
Begench ORE 05:40 07.10.2023