AGZA BOL:
Syke dali instagram: / dykesali
Syke dali Youtube kanaly: / dalidade
Setirler:
Ýok men üýtgemerin,
Aslynda hiç zadam bolmaz biraz üýtgesem
Adamlar gaty görýär hakykady gürleseň
Adamlar ýumşak görýär aýalyňy diňleseň
Adamlar gowşak görýär sylag bilen ýüzlenseň
Başymdan sowjak bolýan hemmesini, gizlensem
muň ýeke sebäbi şol
Ýakynyma gelme okalsa-da tebärek dost
Dünýeden aýrylmak meň üçin ýeke çäre dost
Tapylar dost atmana üstüme çäge dost
Ýok ýalňyş pikir etme dost, biz entegem dost
Dost sözüni adamlar adyňy bilmese ýa
Nätanyş bolsaň ulanýar
"Bu sözüň hakyky manysy şol bolaýmasa" diýýän menä
Şol "Dost" sözüne has öwrenişdi gulagym eýýäm
Bilýän, belki döwür şeýle, belki höwür şeýle
Dostluk ölüpdir oňa indi dikmeli heýkel
Dostluk näme eýsem?
Doganlyk dälmi eýsem?
Meňki ýalňyş näme diýsem
Seňki dogry näme diýseň,
dolanýançak bize...